"Senagat Plastik" Hojalyk jemgyýeti, Türkmenistanda dürli ölçeglerde we ýokary hilli plastik poddonlar öndürýär.

Kompaniýamyz hakynda

“Senagat Plastik” hojalyk jemgyýetiniň plastik poddonlary öndüriýän zawody ýurdumyza gelýän import harytlaryň ornuny tutmak we harytlary diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri ýerine ýetirmek, şeýle-de Türkmenistanda öndürilýän bäsleşige ukyply harytlary halkara bazaryna çykarmak maksady bilen 2017-2018 ýyllar aralygynda guruldy.

about_img
specification_img

Plastiki paddonlary öndürmegiň usullary

Plastik poddonlar satyn alynanda onuň haýsy usulda we haýsy çig mallardan ýasalanlygyna üns bermek zerur bolup durýar. Sebäbi poddonlaryň howpsuzlygy şolara bagly bolup durýar. Plastik (polimer) paddonlary öndürmegiň esasy usullary aşakdakylardyr:
- Basyş esasynda guýma
- Press-guýma
- Rotasiýaly formirleme
Biziň poddonlarymyzyň öndüriliş usuly ABŞ-da öndürilen enjamda basyş esasynda guýma bolup durýar we ýokary hilli ekspluatasiýa görkezijiler bilen tapawutlanýar, ýagny, bu usulda gomogenizirlenen ergin we inžeksiýaly materialy forma 4000-5000PSI güýjil bilen basyş esasynda deňölçegli ýaýramgyny üpjün edýär.

0 Ýyl önümçilikde

0 Kompaniýanyň işgärleri

0 Poddon öndürildi

Aýratynlyklary

Önümiň hili

Biziň poddonlarymyz ABŞ-da öndürilen enjamlar ulanylyp, basyş arkaly guýma usulynda öndürilýär hem-de ýokary ulanylyş häsiýetine eýe bolup durýar. Çünki poddon öndürmegiň bu usulynda gomogen erediliş üpjün edilip, 4000-5000PSI basyş astynda şekillere deň derejeli ýaýramagyna getirýär.

Ulanma

Gurluşyk we nebit-himiýa senagaty, sement, reňk, lak, himiki täsirler ýaly himiki maddalary we önümleri daşamak üçin

Et, süýt, balyk we beýleki azyk senagatynda, çekilip gaplanýan azyk harytlaryny ýüklemek we saklamak üçin

Derman senagatynda, aýratyn arassaçylyk şertlerini talap edýän önümleri wagtlaýyn saklamak we daşamak üçin

Tapawutlary

Daşky görnüşi

Guramak, jaýrylmak we çüýremek howpy ýok

Güýçli himiki we zäherli maddalara çydamly

Poddonlar ýakymsyz yslary we çyglylyk siňdirmeýär.

-20°С-den +50°С çenli howa şertlerine çydamly.

Köp gezekleýin ulanylyp bilinýär

Eltip bermek we töleg şertleri:

Harydy üpjün etmegiň şertleri EXW (Türkmenbaşy etrap), goşmaça şertleri aýratynlykda bellenilýär.

Haryt sargalandan soňra 20% öňünden töleg geçirilmeli. Galany ýüklenilip ugradylandan soňra tölenilmeli. Töleg nagt däl görnüşinde amala aşyrylmaly.

Harydyň gaplamasy ýok.

Hadyryň esasy sargaljak renkiden tapgyrdaky mukdary düzgünleşdirilmeýär.

Hadyryň başga renklerde sargaljak tapgyrdaky mukdary azyndan 1000 sany bolmaly.

Harydyň hili TDS gullugy tarapyndan her bir tapgyr-10000 sany poddon üçin laýyklyk sertifikaty bilen tassyklanylýar. Alyjynyň islegine görä sargyt ediljek tapgyry aýratynlykda sertifikatlaşdyrylmagy mümkindir.